DÜNÝÄ

Gazagystanyň Prezidenti Ýaponiýada saparda bolar

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew resmi sapar bilen Ýaponiýa barar. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Habar berlişine görä, Kasym-Žomart Tokaýewiň sapary 18–20 dekabr aralygynda geçiriler.

“Saparyň dowamynda imperator Naruhito, premýer-ministr Sanae Takaiti, şeýle hem Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşyklar meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, Gazagystanyň Prezidenti “Merkezi Aziýa – Ýaponiýa” sammitiniň işine gatnaşar” — diýlip, döwlet Baştutanynyň metbugat gullugynyň habarynda aýdylýar.

Related posts

Lukmançylyk boýunça Nobel baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Türkmenistan bilen Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň arasynda hyzmatdaşlygy ösdüriler

Türkmenistan bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk boýunça teklipler

Ata Watan Eserleri