SPORT

Futbol taryhynyň iň gymmat goragçysy

Angliýanyň “Mançester Siti” topary Germaniýanyň “Leýpsig” toparyndan horwat goragçy Ýoşko Gwardioly satyn aldy. 21 ýaşly horwat futbolçy bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşyldy.

Gwardiol üçin 90 million ýewro tölendi. Şeýlelikde, ol futbol taryhyndaky iň gymmat goragçy boldy. Mundan ozal, iň gymmat goragçy hökmünde Harri Maguaýr üçin köp serişde sarp edilipdi. “Mançester Ýunaýted” topary Maguaýr üçin 87 million ýewro töläpdi.

Gwardiol Germaniýanyň “Leýpsig” toparyna Zagrebiň “Dinamo” toparyndan geçipdi. Onuň üçin 2021-nji ýylda 18 million ýewro töleg edilipdi.

Related posts

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Ýewro-2020: Italiýa hem ýarym finalda

Horwatiýa Milletler ligasynda finala çykdy

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment