SPORT

Fransiýa 1/8 finalyna çykdy: Mbappe Messini ýetdi

Fransiýanyň milli ýygyndysy 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň 1/16 finalynda Şwesiýanyň ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk ABŞ-nyň Nýu-Jersi ştatynyň Ist-Raterford şäherinde geçirildi.

Gollary Kilian Mbappe iki gol (45-nji we 74-nji minutlarda) hem-de Bredli Barkolýa (53-nji minutda) geçirdi.

Bu gollar Mbappe üçin dünýä çempionatlaryndaky 18-nji gol boldy. Bu görkeziji boýunça ol diňe Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messiden yza galýar. Messiniň hasabynda 19 gol bar. Häzirki dünýä çempionatynda bolsa fransiýaly we argentinaly ýyldyzlar hersi 6 gol geçirip, ýaryşyň iň köp pökgi geçiren oýunçylarynyň sanawynda birinji orny paýlaşýarlar.

1/8 finalda Fransiýanyň milli ýygyndysy pleý-offuň ilkinji tapgyrynda Germaniýanyň ýygyndysyny (1:1, penaltiler boýunça 4:3) ýeňen Paragwaýyň ýygyndysy bilen duşuşar. Oýun ABŞ-nyň Pensilwaniýa ştatynyň Filadelfiýa şäherinde geçiriler we 5-nji iýula geçilýän gije başlanar.

Related posts

Obameýang “Barselona” bilen şertnama baglaşdy

Ata Watan Eserleri

Fransuz toparyndan Salaha teklip

Türkiýede futbol täzeden başlanýar