JEMGYÝET

Finladindiýa 15 ýylda ugleroddan arassalanmakçy

Finlandiýa öz öňünde 2035-nji ýyla çenli ugleroddan doly azat döwlete öwrülmek wezipesini goýdy. Bu barada ýurduň ösüş we daşary söwda ministri Wille Skinarri halka maslahatda aýtdy.

Ministriň aýdyşy ýaly, bu wezipä adamlaryň we senagatyň kömegi bilen ýetip bolar. Howanyň üýtgemegine garşy nusga alarlyk derejede göreş alyp barýan Finlandiýanyň bu ädimi dünýä jemgyýetçiliginiň goldawyny hem gazandy.

Ýeri gelende aýtsak, agzalan halkara maslahatda Arktika sebitleriniň şu güni we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwletleriň ugleroddan halas bolup bilmegi howanyň üýtgemeginiň öňüni aljak aýgytly ädimleriň biri bolar. Ministriň pikiriçe, döwletiň Laplandiýa welaýaty 2030-njy ýyla çenli uglerod gazlaryndan doly azat bolar.

Related posts

Ogulgerek Berdimuhamedowa EYR-nyň Prezidentiniň maşgalasy Jamile Alamolhoda bilen duşuşdy

Şäherara we welaýatara awtobus ugurlary boýunça nobatdaky täzelik

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda 1-nji iýundan açyk ýerlerde örtük dakynmak ýatyrylar

Ata Watan Eserleri