TEHNOLOGIÝA

Dünýäniň köp ulanylýan we köp satylýan akylly telefonlary

“Device Atlas” neşirinde dünýäde köp ulanylýan we köp satylýan akylly telefonlaryň sanawy belli edildi. 2020-nji ýylda iň köp ulanylýan akylly telefonlaryň biri “Apple” kompaniýasynyň 2016-njy ýylda öndüren “iPhone 7” akylly telefony bolly.

Häzirki wagtda iň köp satylýan akylly telefonlar “Apple” kompaniýasynyň “iPhone 11” we “XR” görnüşleri boldy. Şeýle hem “iPhone 8”, “6” we “X” görnüşli akylly telefonlar iň köp ulanylýan telefonlaryň hatarynda durýar.

“Apple” kompaniýasyndan başga, Günorta Koreýanyň “Samsung” kompaniýasynyň dürli görnüşdäki akylly telefonlary köp ulanylýan telefonlaryň sanawyna girýär. Hat-da dünýäniň köp ýurtlarynda “Samsung” kompaniýasynyň “Samsung S8” we “S9” görnüşli akylly telefony ulanyjylara has hem gerekli boldy.

Related posts

Hytaý Güne syn edýän ilkinji emeli hemrasyny uçurdy

“Toyota” we “Panasonic” kompaniýalarynyň batareýa üçin hyzmatdaşlyk

6G ulgamyny öwrenýär

Ata Watan Eserleri