SPORT

Çempionat tazeden başlaýar

Koronawirus pandemiýasy sebäpli wagtlaýyn saklanylan Portugaliýa futbol çempionaty 3-nji iýunda resmi taýdan täzeden başlar. Bu barada liganyň metbugat gullugy habar berdi.

Ýaryş mart aýynda wagtlaýyn saklanyldy. Toparlar koronawirus pandemiýasynda öň 24 tapgyr geçirdi. Çempionatyň täzeden başlamagyndan soň, birinji tapgyr 3-7-nji iýunda dowam edip başlar.

Başlangyç duşuşyklar “Portimonense- Žil Wisente”, “Famalikan-Porto” arasynda bolar. Portugaliýanyň çempionatynda 60 utuk toplan “Porto” öňde barýar. Ikinji orny 59 utuk bilen “Benfika”  eýeleýär. Üçünji orunda bolsa 46 utuk bilen “Braga” barýar.

Related posts

Honda 5 aýry yklymda tapawutlanan futbolçy

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionaty başlady: Meksika we Günorta Koreýa ýeňiş gazandy

Sport täzelikleri: Pele Ronaldonyň üstünligine boýun boldy