JEMGYÝET

Batyr Atdaýew Türkmenistanyň wise-premýeri wezipesinden boşadyldy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir guramaçylyk wezipelerine seredildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly,  Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Atdaýew ýurdumyzyň söwda toplumynyň işini ýola goýmakda birnäçe kemçiliklere ýol berendigi bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin Batyr Atdaýew Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Batyr Atdaýew 2022-nji ýylda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellenilipdi.

Related posts

6 ýyllyk maksatnama: Türkmenistanda meýilleşdirilýän gurluşyklar

Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy fotosuratlarda

Prezident Ärdogan «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medal bilen sylaglandy