BIZNESIŞ ORUNLARY & TENDERLER

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry üçin bäsleşik yglan edildi

Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti Arkadag şäheriniň häkimligi bilen bilelikde, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmaly şu binalaryň taslamalaryny düzmek we gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär.

— şäheriň demir ýol menzilini;

— awtotoplumy we bellige alyş nokadyny;

— awtomobil menzilini;

— Gorjaw etrap häkimliginiň edara binasyny;

— saglyk öýüniň binasyny.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Arkadag şäheriniň Arkadag şaýolunyň 30-njy jaýynda ýerleşýän şäher häkimliginiň edara binasynda şu ýylyň 16-njy awgustyna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:

(+993 12) 52-55-71.

Elektron salgysy: adk@sanly.tm

 

Related posts

Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagy dörediler

«Aşgabat-siti»: maslahat beriji kompaniýalary üçin halkara bäsleşik

Birža täzelikleri: özbek işewürleri uçar kerosinini satyn aldy

Leave a Comment