JEMGYÝET

Anwar Ibrahim: Türkmenistanyň önümlerini ASEAN döwletlerine eksport etmäge taýýardyrys

Türkmenistanda öndürilýän önümleri ASEAN (Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň assosiasiýasy) döwletlerine eksport etmäge taýýardyrys. Bu barada  ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim Türkmenistanyň Prezidenti bilen geçirilen gepleşiklerden soňra guralan metbugat ýüzlenmesinde belläp geçdi.

Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe süren başlangyçlaryny doly goldaýandyklaryny belläp, Malaýziýada degişli logistika merkezini döredip, Türkmenistanda öndürilen önümleri Günorta-Gündogar Aziýa döwletlerine eksport etmäge taýýardyklaryny aýtdy.

Malaýziýa ýurdumyzyň halkara guramalarda öňe sürýän tekliplerini we başlangyçlaryny yzygiderli goldaýar. Öz gezeginde, Türkmenistan hem Malaýziýanyň halkara tekliplerine goldaw berýär. Bu hyzmatdaşlygy dowam etdirmek maksady bilen, 2025-nji ýylda Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary birleşigine (ASEAN) başlyklyk eden Malaýziýanyň Türkmenistanyň “Merkezi Aziýa — ASEAN” formatyny döretmek baradaky başlangyjyny goldaýar.

 

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanda saparda bolar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň parlament wekiliýeti Bakuda iş saparynda bolar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Ruandanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Ata Watan Eserleri