SPORT

Andres Iniesta tälimçi boldy

Dünýä çempiony, futbol boýunça iki gezek Ýewropa çempiony bolan ispaniýaly Andres Iniesta BAE-niň “Gulf United” klubynyň baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada klubuň metbugat gullugy habar berdi.

Hünärmen bilen baglaşylan şertnamanyň möhleti barada maglumat berilmedi.

Iniesta 42 ýaşynda. Ol Ispaniýanyň “Barcelona” klubynyň ýetişdiren oýunçysy bolup, bu toparyň düzüminde 2002-nji ýyldan 2018-nji ýyla çenli çykyş etdi. “Barcelona” bilen bilelikde ol Ispaniýanyň dokuz gezek çempiony, ýurduň kubogynyň alty gezek eýesi we Çempionlar ligasynyň üç gezek ýeňijisi boldy. Şeýle hem ol Ýaponiýanyň “Wessel Kobe” hem-de BAE-niň “Emirates” klublarynda oýnady.

“Gulf United” kluby BAE çempionatynyň ikinji diwizionynda çykyş edýär.

Related posts

Messi – “ýylyň futbolçysy”

Eldor Şomurodowyň goly toparçalaýyn tapgyryň iň owadan goly hasaplandy

Awazada Balkan welaýatynyň taryhynda ilkinji gezek küşt boýunça Gran-pri ýaryşy badalga aldy