Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň ikinji gününde Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäginde geçirilen Liderler sammitine gatnaşdy
Maslahata dünýäniň 200-e golaý ýurdundan döwlet we hökümet Baştutanlary, ministrler, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, ekologiýa ulgamyndaky bilermenler, işewür toparlaryň, raýat jemgyýetiniň wekilleri gatnaşýarlar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri maslahatyň Liderler sammitiniň plenar mejlisinde eden çykyşynda, birnäçe möhüm başlangyçlary öňe sürdi.
Birinjiden, 2028 — 2037-nji ýyllary Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň durnuklylygynyň we uýgunlaşmagyň onýyllygy diýip yglan etmek mümkinçiligine seretmek. Bu başlangyç dünýä bileleşiginiň ünsüni döwletleriň howa bilen bagly durnuklylygyny ýokarlandyrmak we serişdeleri ýurtlara hem-de sebitlere gönükdirmek boýunça anyk wezipeleri çözmek üçin jemlemäge mümkinçilik berer.
Ikinjiden, gatnaşygyň täze inklýuziw görnüşini — howa gün tertibiniň soraglary boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin açyk halkara platforma hökmünde Howa boýunça Aşgabat dialogyny döretmek. Gyzyklanma bildirýän halkara hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda Howa boýunça Aşgabat dialogynyň çäklerinde biz Aşgabatda 2027-nji ýylda birinji halkara duşuşygy geçirmegi teklip edýäris.
Üçünjiden, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Bütindünýä meteorologiýa guramasy, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy, Ählumumy ykdysady gaznasy hem-de beýleki gyzyklanma bildirýän halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde Howanyň üýtgemeginiň we onuň ýaramaz netijeleriniň sanly atlasyny taýýarlamagy teklip edýär. Bu başlangyjyň esasy maksady howanyň üýtgemegine yzygiderli gözegçilik etmek, onuň ýaramaz netijelerine baha bermek, oňa uýgunlaşmagyň has netijeli çärelerini kesgitlemek üçin toplumlaýyn maglumat-seljeriş usulyny döretmekden ybaratdyr.
Dördünjiden, Türkmenistan köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze görnüşini — ösüp barýan döwletleriň ekologiýa taýdan arassa, döwrebap tehnologiýalara, innowasion çözgütlere we howa bilen bagly maliýeleşdirmä elýeterliligini giňeltmäge gönükdirilen Howa bilen bagly tehnologiýalary bermek boýunça ählumumy hyzmatdaşlyk formatyny döretmegi teklip edýär.
Bäşinjiden, daşky gurşawy goramagyň halkara hukuk esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Halkara ekologiýa kodeksini işläp taýýarlamak mümkinçiligine seretmegi teklip edýär. Bu resminama daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, biologik köpdürlüligi gorap saklamak we tebigy serişdeleri durnukly peýdalanmak babatda hereket edýän halkara düzgünleri, kadalary hem-de standartlary tertipleşdirmäge ýardam berer diýip hasap edýäris.
