DÜNÝÄ

Dünýäniň ünsi Türkiýede: COP31 maslahatyna taýýarlyk görülýär

Planetamyzyň geljegini kesgitlän iň möhüm tapgyrlaryň biri bolan Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi boýunça maslahaty (COP31) Türkiýäniň gurnamagynda geçiriler. Ortaýer deňziniň merjeni hasaplanýan Antalýa şäheri 2026-njy ýylyň 9–20-nji noýabry aralygynda dünýä liderlerini kabul etmäge taýýarlanýarka, ählumumy howa diplomatiýasynyň merkezi Türkiýe bolar.

Dünýäniň ýüzbe-ýüz bolýan iň uly meseleleriniň biri bolan howanyň üýtgemegine garşy göreşde taryhy ähmiýetli täze tapgyra gadam basyldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň (UNFCCC) iň ýokary derejeli karar kabul ediji edarasy bolan Taraplaryň maslahatynyň 31-nji mejlisi (COP31) üçin taýýarlyk görülýär.

«Dünýäniň howa sammiti Türkiýede. Ählimiz bilelikde has arassa geljege tarap» diýen şygar astynda geçiriljek sammit 2026-njy ýylyň 9–20-nji noýabry aralygynda Antalýa şäherinde guralar.

Takmynan 11 gün dowam etjek sammitde döwlet we hökümet baştutanlary, ministrler, alymlar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de halkara derejesindäki esasy gatnaşyjylar durnukly dünýäni üpjün etmek maksady bilen bir stoluň başynda jemlenerler.

Sammitiň geçiriljek ýeri: Antalýa

Şeýle iri halkara çäräni geçirmek üçin Antalýa şäheriniň saýlanyp alynmagy tötänleýin däldir. Şäheriň ösen halkara howa menziliniň infrastrukturasynyň, dünýä ülňülerine laýyk gelýän myhmanhana mümkinçilikleriniň we iri kongres merkezleriniň bolmagy dünýäniň dürli künjeklerinden geljek on müňlerçe gatnaşyjyny kabul etmek üçin amatly şertleri döredýär.

1995-nji ýyldan bäri planetamyzyň geljegine täsirini ýetirip gelýän COP sammitlerinde ozal Pariž ylalaşygy ýaly taryhy ähmiýetli kararlar kabul edilip, olar dünýä bazarlarynda we daşky gurşawy goramak baradaky kanunçylykda düýpli özgertmelere sebäp bolupdy.

COP31 sammitinde kabul ediljek kararlaryň hem şonuň ýaly dünýä ykdysadyýetiniň we daşky gurşaw syýasatynyň geljekki ösüş ugruna täsir etmegine garaşylýar.

Antalýada geçiriljek mejlislerde tutuş adamzada degişli bolan birnäçe möhüm mesele ara alnyp maslahatlaşylar. Olaryň hatarynda ýurtlaryň uglerod zyňyndylaryny azaltmak boýunça täze maksatnamalary, energetika syýasatynda ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalara geçmek, klimat maliýeleşdirmesiniň gerimi we serişdeleriň paýlanyşy, şeýle hem durnukly ösüş modelleri boýunça hökmany häsiýete eýe boljak kararlar bar.

Sammitiň meýilnamasyndaky iň möhüm strategik çäreleriň biri 11–12-nji noýabrda geçiriljek Liderler sammiti bolar.

Emeli aň tehnologiýalarynyň howanyň üýtgemegine garşy göreşdäki orny, syýahatçylyk we medeni mirasy gorap saklamak ýaly innowasion ugurlar hem COP31-iň gün tertibinde aýratyn orun alar.

COP31 sammiti soňky gününde geçiriljek jemleýji gepleşikler we hökmany häsiýetli kararlaryň kabul edilmegi bilen tamamlanar.

Related posts

Ozalky Premýer-ministr Manmohan Singh aradan çykdy

Ata Watan Eserleri

“Marakana” stadiony wagtlaýynça hassahana öwrüldi

Ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärleri tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglandy