JEMGYÝETTEHNOLOGIÝA

Bir aýda 5 milliona golaý gezek okaldyk!

«Ata Watan Türkmenistan» halkara žurnalynyň diňe bir www.atavatan-turkmenistan.com saýty däl, eýsem, sosial ulgamlardaky sahypalary hem örän işjeň hereket edýär. Sosial ulgamlarymyzda paýlaşýan habarlarymyz we beýleki ýazgylarymyz her aýda millionlarça gezek görülýär.

Mysal üçin, soňky 30 günüň dowamynda @atavatanturkmen Instagram hasabymyzda paýlaşylan ýazgylar we wideolar 4 million 884 müň 55 gezek görülipdir! Şol döwürde sahypamyzy yzarlaýjylaryň sany 2 müň 978 adam artypdyr. Ýazgylarymyzy gören aýratyn hasaplaryň sany bolsa 569 müň 840-a ýetipdir.

Elbetde, bu görkezijileri paýlaşmak bilen diňe bir gazanan netijelerimizi görkezmek islemeýäris. Meniň pikirimçe, bu sanlary has-da artdyrmak mümkin!

Nädip?

Bu ýerde siziň — okyjylarymyzyň kömegi örän möhüm.

Paýlaşýan habarlarymyza we ýazgylarymyza «like» goýmagyňyz, olary «repost» etmegiňiz, öz «story» bölümiňizde paýlaşmagyňyz, şeýle hem ýazgylaryň aşagynda teswir galdyrmagyňyz olaryň has köp adama ýetmegine ýardam edip biler.

Şeýle etmek bilen, siz diňe bir biziň görkezijilerimiziň artmagyna däl, eýsem, giň sosial media ummanynda arassa maglumat çeşmesi bolmaga çalyşýan «Ata Watan» adasynyň has-da ulalmagyna goşant goşarsyňyz.

Bu ada näçe ulalsa, ondan peýdalanýan adamlaryň sany hem şonça artar!

Şu ýerde bir zady aýratyn bellemek isleýärin.

BIZ NE INSTAGRAM, NE-DE TIKTOK HASAPLARYMYZDAN PUL GAZANÝARYS!

Şonuň üçin siziň goýýan «like»laryňyz biziň hasabymyza sent bolup gelip düşenok. Emma şol bir «like» peýdaly bir habaryň ýene ýüzlerçe, belki-de, müňlerçe adama ýetmegine sebäp bolup biler.

Biziň üçin iň uly gazanç hem şudur!

Biz sosial ulgamlarda diňe bir tomaşa sanyny köpeltmek üçin däl, eýsem, okyjylarymyza peýdaly maglumatlary ýetirmek, bilim, ylym, medeniýet, ykdysadyýet we jemgyýetçilik durmuşyndaky möhüm wakalar barada habar bermek üçin işleýäris.

Elbetde, @atawatanhabarlary TikTok hasabymyz hem işjeň hereket edýär. Ol ýerde-de habarlarymyzy yzygiderli paýlaşýarys.

Şeýlelikde, sizden haýyşymyz ýönekeý: peýdaly hasaplan habaryňyzy diňe bir okap geçmäň, ony başgalar bilen hem paýlaşyň!

Sebäbi bir habaryň bir adama ýetmegi maglumat bermek bolsa, onuň müňlerçe adama ýetmegi jemgyýete peýda getirmek mümkinçiligidir.

Geliň, «Ata Watan» adasyny bilelikde ulaldalyň!

Bu ada biziň hemmämiziňki. Onuň ulalmagy bolsa has köp adamyň peýdaly, ygtybarly we manyly maglumatlardan peýdalanmagyna ýol açar.

Related posts

Ýurdumyzyň wekiliýeti VI Hazar mediaforumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Türkiýedäki Medeniýet günleri: birinji gün

vepa

Türkmenistanyň Ilçisi Liwan Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Ata Watan Eserleri