DÜNÝÄ

HHR Döwlet Geňeşiniň Premýeri 17–18-nji oktýabrda Özbegistana sapar eder

Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýan 17–18-nji oktýabrda resmi sapar bilen Özbegistana barar. Soňra ol Täjigistana we Russiýa sapar edip, köptaraplaýyn hem-de ikitaraplaýyn duşuşyklara gatnaşar. Bu barada HHR-iň Daşary işler ministrliginiň resmi wekiline salgylanyp, «Sinhua» habarlar agentligi habar berdi.

Özbegistana sapar ýurduň Premýer-ministri Abdulla Aripowyň çakylygy boýunça amala aşyrylar.

Li Sýan 18–20-nji oktýabr aralygynda Täjigistanyň Premýer-ministri Kohir Rasulzodanyň çakylygy boýunça Täjigistanda bolar. Ol ýerde Hytaýyň hökümet baştutany Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň 25-nji mejlisine gatnaşar.

HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeri 20–22-nji oktýabr aralygynda Russiýanyň hökümetiniň başlygy Mihail Mişustiniň çakylygy boýunça Russiýa sapar eder. Saparyň esasy çäresi Hytaýyň we Russiýanyň hökümet baştutanlarynyň 31-nji yzygiderli duşuşygy bolar.

Related posts

Dünýäde ilkinji suwasty muzeý

Ata Watan Eserleri

Merkezi Aziýanyň Konsultatiw duşuşygynyň utgaşdyryjylarynyň duşuşygy

TÜRKSOÝ guramasyna täze ýolbaşçy saýlandy