DÜNÝÄ

“Azertag” habarlar agentligi “Ata Watan Media”-nyň baş redaktory bilen söhbetdeş boldy

Awazada geçirilýän halkara maslahatlaryň çäklerinde Azerbaýjanyň esasy habar agentlikleriniň biri bolan “AZERTAG” (Azerbaýjanyň Döwlet habar agentligi) «Ata Watan Media»-nyň baş redaktory Dr. Döwran Orazgylyjow bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Dr. Döwran Orazgylyjow söhbetdeşligiň dowamynda Awazada geçirilýän halkara maslahatlaryň sebit ýurtlary, şol sanda doganlyk döwletler üçin ähmiýetini aýratyn nygtady.

Şeýle hem ol bu halkara çäreleriň döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde, dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekde we özara düşünişmegi pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýändigini belledi.

Related posts

Eýranyň ilaty 85 milliondan geçdi

Türkmenistanyň Waşingtondaky ilçihanasy küşt boýunça ýaryş geçirdi

Ata Watan Eserleri

Russiýa-Afrika sammiti: 49 ýurtdan wekiliýet gatnaşýar