JEMGYÝET

Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň daşary işler ministrleri Aşgabatda duşuşdy

2026-njy ýylyň 30-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň saşary işler ministri Raşid Meredowyň we sapar bilen Aşgabat şäherine gelen Ýaponiýanyň daşary işler ministri Toşimitsu Moteginiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet toparynyň duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny hem-de olary ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdylar.

Ýokary we iň ýokary derejedäki yzygiderli gepleşikleriň döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine esasy itergi berýändigi aýratyn bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hormatly Arkadagymyzyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa bolan saparlarynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Ministrler iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky netijeli özara hyzmatdaşlygy berkitmäge gyzyklanma bildirdiler. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk daşary syýasy ugruna berýän goldawy üçin ýapon tarapyna minnetdarlyk bildirildi.

Taraplar halkara guramalaryň, hususan-da BMG-niň çäklerinde işleri utgaşdyrmagyň netijeliligini tassykladylar. Şeýle hem «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» formatyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nygtaldy.

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meseleler maslahatlaşyldy. Gazhimiýa senagaty, elektroenergetika, ulag we beýleki pudaklardaky hyzmatdaşlygyň netijeliligi aýratyn bellenildi. Öňdebaryjy tehnologiýalar we emeli aň hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda agzaldy.

Ýapon tarapynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigi aýdyldy. Bu babatda «Sumitomo Corporation», «Toyo Engineering Corporation», «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.», «ITOCHU Corporation», «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» ýaly birnäçe ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanda senagat toplumlarynyň gurluşygyna üstünlikli gatnaşýandygy nygtaldy.

Şu nukdaýnazardan, taraplar şu ýyl Tokioda geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň bilelikdäki mejlisine taýýarlyk meselelerini maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, taraplar iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary, hususan-da bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleri maslahatlaşdylar.

Gepleşikler tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2027-2029-njy ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekmek dabarasy boldy.

Related posts

Türk İhraç Ürünler Fuarı Açıldı

vepa

Türk Dış İşler Bakanı Dergimiz için Makale Yazdı

vepa

“Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy-2024” atly halkara sergisi geçirilýär

Ata Watan Eserleri