SPORT

Mark Kukurella “Real Madrid” toparyna geçdi

Madridiň «Real» topary öz resmi saýtynda «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurellanyň transfer edilendigini habar berdi. Taraplar 2032-nji ýyla çenli dowam etjek alty möwsümlik şertnama gol çekdiler.

Ozal köpçülikleýin habar beriş serişdeleri «Realyň» Kukurella üçin 55 million ýewro tölejekdigini habar beripdi. Şeýle hem, Markyň «Realdaky» üstünliklerine baglylykda «Çelsi» toparyna goşmaça 5 million ýewro goşmaýa serişdeler bölünip berler.

Geçen möwsümde Kukurella ähli ýaryşlarda jemi 50 duşuşyga gatnaşyp, 1 gol geçirdi we 4 netijeli pas berdi.

Futbolçynyň iňlis topary bilen hereket edýän zähmet şertnamasy 2029-njy ýylyň tomsuna çenli niýetlenendir. “Transfermarkt” portalynyň berýän maglumatlaryna görä, futbolçynyň bazar bahasy 50 million ýewro barabardyr.

Related posts

Formula 1 sportunda täsin waka

«Türkmenistan: Sport»: türkmen toparlarynyň duşuşyklary göni ýaýlymda berler

Çempionlar Ligasy: täze ýyldyz döredi

Ata Watan Eserleri