DÜNÝÄ

Aşgabatda GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň duşuşygyna taýýarlyk boýunça Teswirnama gol çekildi

2026-njy ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanyň DIM-iň binasynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýewiň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Baş sekretarynyň orunbasary D.Trefilowyň gatnaşmagynda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň taýýarlyk meselelerini ylalaşmak boýunça Teswirnama gol çekmek dabarasy geçirildi.

Bu resminama 2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek mejlisi taýýarlamak boýunça guramaçylyk we mazmun taýdan meseleleriň utgaşdyrylmagyna gönükdirilendir.

Related posts

Türkmenistan bilen Rumyniýa sanly ulgam boýunça hyzmatdaşlyk eder

ÝHHG-niň başlygy Türkmenistana geler

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Italiýa sapary