DÜNÝÄ

Türkmenistan “Al-Arabiýa” teleýaýlymy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýar

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň esasy alyp baryjysy Riz Hanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapynyň geljekde dünýä KHBS-ri bilen, hususan-da “Al-Arabiýa” meşhur teleýaýlymy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan gyzyklanmasy barada bellenip geçildi.

Şunuň bilen baglylykda, taraplar hyzmatdaşlygyň mümkin bolan görnüşlerini, şol sanda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň žurnalistika fakultetleriniň talyplary üçin “Al-Arabiýa” tarapyndan okuw sapaklarynyň geçirilmegi hem-de ýerli KHBS-niň işgärleri üçin hünärini kämilleşdirmek boýunça maksatnamalary ara alyp maslahatlaşdylar.

Öňdebaryjy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, hususan-da “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki orny barada aýratyn nygtaldy.

“Al-Arabiýa” wekiliýeti işjeň hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklap, Türkmenistanyň bitaraplygynyň 30-ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere gatnaşmaga çagyrylandygy üçin minnetdarlygyny bildirdi.

Related posts

«Azercell» weteranlara azyk paýlady

Ata Watan Eserleri

Halkara guramalar bilen gatnaşyklar ösdürilýär

Pakistanyň Prezidenti sammit üçin Aşgabada geldi