DÜNÝÄ

ABŞ-nyň ilçisi Klimow Türkmenistandaky wezipesini tamamlaýar

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Metýu S.Klimow Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýar. Şunuň bilen baglylykda, diplomat 24-nji iýunda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynda geçiren metbugat ýygnagynyň çäginde bäş ýyllyk işiniň netijelerini jemledi. Çärä ýerli we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

ABŞ-nyň ilçisi Metýu S.Klimow öz çykyşynda Türkmenistandaky diplomatik işiniň dowamynda söwda, energetika, medeniýet, bilim we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlykda gazanylan üstünlikler hem-de bilelikde ýerine ýetirilen taslamalar barada belläp geçdi. Şeýle hem, diplomat Türkmenistanda bäş ýyl işlän döwründe özünde galdyran täsirleri barada durup geçdi.

Metbugat ýygnagynda sorag-jogaplar alşyldy. Ilçi Klimow ABŞ-nyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi Elizabet Rudyň 23-nji iýulda Türkmenistana geljekdigi barada aýdyp, täze ilçiniň döwründe hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mynasyp derejede ösjekdigine ynam bildirdi.

 

Related posts

Türkmenistan “ESKPO 2025 Osaka” sergisiniň ýygnagyna gatnaşdy

Türkmenistan bilen UNEP-iň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi

Owganystan Türkmenistan bilen bilelikdäki taslamalaryň howpsuzlygyny üpjün eder