TEHNOLOGIÝA

Aýda otly gatnawy hakykata öwrülýär

ABŞ-nyň NASA kosmos gullugy  Aýda otly gatnawyny amala aşyrmak üçin ilkinji ädimini ätdi. ” Flexible Levitation on a Track” (FLOAT) atly taslamanyň 2030-njy ýyllarda Aý bazasynyň işlemegi üçin “möhüm” boljakdygy bellendi.

Taslamany amala aşyrýan toparyň pikirine görä, bu taslamanyň Aýda ýüze çykarylan serişdeleri daşamagyň ygtybarly we özbaşdak usulyny üpjün etjekdigi bellendi.

– Aýda ygtybarly, awtonom we netijeli ýük daşamagy üpjün etjek Aý demir ýol ulgamyny gurmak isleýäris. Çydamly, uzak wagtlap dowam edýän robotlaşdyrylan ulag ulgamy, 2030-njy ýyllarda Aýyň dowamly bazasynyň gündelik işi üçin möhüm ähmiýete eýe bolar – diýip, NASa edarasynyň beýanatynda bellenilýär.

Her bir robotlaşdyrylan otly ulgamynyň sagatda takmynan 1,61 km tizlik bilen dürli şekilli we ululykdaky ýükleri daşap biljekdigi aýdylýar.

Related posts

OPPO we VIVO planşet öndürjekdiklerini habar berdi

Ata Watan Eserleri

Aýdyň gijeler: Döwre Mynasyp Önümler

Ata Watan Eserleri

Google garaňky şekile eýe bolar