BIZNES

5-nji martda göçme birža söwdasy geçiriler

Aşgabatda geçiriljek owgan harytlarynyň sergisiniň we türkmen-owgan işewürler maslahatynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan guralýan Birža söwdalary 2024-nji ýylyň 5-nji martynda sagat 11:00-da Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler.

Göçme birža söwdasyna esasan nebit-himiýa, dokma senagaty, gurluşyk materiallary we oba hojalyk pudagyna degişli bolan önümler çykarylar.

Gatnaşyjylary hasaba almak sagat 10:30-da başlanýar.

Gyzyklanma bildirýän taraplar aşakda görkezilen salgylar we telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilerler.

Telefon belgiler: +99312-44-61-16, +99312-44-66-10

E-mail: info@exchange.gov.tm brokers@exchange.gov.tm

Related posts

Dünya Liderleri Türkmenistan’ı kutladı

vepa

Bäsleşik – “Türkmenistan” gazetinde

vepa

Ýaponiýa ABŞ-a 550 milliard dollar maýa goýýar