JEMGYÝET

Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministrine general-maýor harby ady dakyldy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň wezipe-guramaçylyk meselelerine garaldy, şeýle hem degişli düzümlerde 2023-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Serhet institutynda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri polkownik Nazar Muhammetmyradowiç Atagaraýewe general-maýor harby ady dakyldy.

Related posts

Bagdad Amreýew: doganlyk Türkmenistan bilen gatnaşyklar pugtalandyrylýar

“Gazprom” açyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygy Alekseý Miller bilen duşuşyk

vepa

Saýlawlar: saýlawçylaryň 22,01 göterimi ses berdi

Ata Watan Eserleri