JEMGYÝET

Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň Prezidentleri Ankaradaky sammite gatnaşar

Şu ýylyň 16-njy martynda Türkiýe Respublikasynyň paýtagty Ankara şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň nobatdan daşary ýokary derejedäki sammiti geçiriler. Bu sammite Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň gatnaşjakdygy mälim edildi.

Mebutgat neşirleriniň habaryna görä, nobatdan daşary sammitde adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak we ynsanperwer kömeklerini bermek. şeýle hem tebigy betbagtçylyklaryň ýetiren ýaramaz täsirlerini aradan aýyrmak ýaly meselelerde köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşylar.

Şeýle hem gün tertibindäki halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alşarlar. Sammitiň maksatnamasynyň çäklerinde ikiçäk duşuşyklaryň geçirilmegine garaşylýar.

Mälim bolşy ýaly, bu gumara Özbegistan başlyklyk edýär. Geçen ýyl geçirilen Samarkant sammitiniň çäklerinde gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, söwda, “ýaşyl” ykdysadyýet, maýa goýum, innowasiýa, ulag, logistika, ylym, bilim we medeni-ynsanperwer alyş-çalşygy ýaly ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen 30-dan gowrak köptaraplaýyn çäreler geçirilýär.

Related posts

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Aşgabada geldi

Ata Watan Eserleri

Dilrabo Mansuri: «Jemgyýetde zenanyň derejesini ýokary galdyrmak — biziň ileri tutýan ugrumyz»

Güney Kore enerji devi, Aşkabat-2017 Oyunları’nın resmi sponsoru

vepa

Leave a Comment