SPORT

Rus we türk futbol toparlary haýyr-sahawat duşuşygyny geçirer

Russiýanyň milli çempionatynyň düzüminde çykyş edýän “Zenit” topary bilen Türkiýäniň “Fenerbahçe” toparlarynyň arasynda ýoldaşlyk duşuşygy geçiriler. Şu ýylyň 23-nji martynda geçirilmegi göz öňünde tutulýan bu ýoldaşlyk hem-de haýyr-sahawat duşuşygynyň girdejileri Türkiýede bolup geçen güýçli ýertitreme zerarly ejir çekenleriň zerurlyklaryna gönükdiriler. bu barada rus toparynyň baş direktory Aleksandr Medwedew habar berdi.

– Biz “Fenerbahçe” toparynyň ýolbaşçylary we baş tälimçisi bilen şu ýylyň 23-nji martynda Stambul şäherinde ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmek boýunça ylalaşdyk – diýip, Medwedew belledi.

“Fenerbahçe” topary Türkiýäniň güýçli toparlarynyň biridir. Bu topar Ýewropa ligasynda çykyş edýär. bu ýerde Türkiýedäki betbagtçylykly ýagdaýlar göz öňünde tutulyp, geçiriljek duşuşygyň girdejileri haýyr-sahawat işlerine gönükdiriler – diýip, rus toparynyň ýolbaşçysy mälim etdi.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 6-njy fewralynda Türkiýäniň günorta-gündogar sebitinde güýçli ýertitreme bolup, köp sanly weýrançylyklara getiripdi.

 

Related posts

Türkmenistan “Ýüpek ýoly” rallisini guramagy meýilleşdirýär

«Arkadag» topary Russiýanyň «Pari NN» toparyny ýeňdi

Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy derýanyň kenarynda geçiriler

Leave a Comment