TEHNOLOGIÝA

Kosmos syýahatçylygyna Hytaý hem goşulýar

Hytaý 2025-nji ýylda täjirçilik maksatly kosmos syýahatçylygyny ýola goýmagy meýilleşdirýär. Şunuň bilen baglylykda, biletleriň bahasy 2-3 million ýuan (286.4 müň-429.6 müň dollar) aralygynda bolar.

Hytaýyň neşiriniň habar bermegine görä, 2030-njy ýylda Hytaýyň täjirçilik aerokosmos pudagynyň bazarynyň umumy möçberi 100 milliard ýuana (14.3 milliard dollar) barabar bolar.

2021-nji ýylyň hasabatyna görä, Hytaýda emeli hemra önümçiligi, raketalary älem giňişligine çykarmak, orbital emeli hemralar boýunça hyzmat bermek maksady bilen alyp barýan kärhanalaryň sany 370-e deň boldy.

Mälim bolşy ýaly, “Virgin Galactic” kompaniýays kosmos syýahatçylygyny ýola goýmak babatda degişli işleri geçirdi. Bu kompaniýanyň biletleriň bahasy 450 müň dollara deňeçärdir.

Related posts

Bir millionynjy elektrokaryny öndürdi

Kosmosa ilkinji syýahatçylyk uçuşy

«Sanly ulgam» Türkmenistanda ilkinji «Akylly öý» taslamasyny taýýarlady

Leave a Comment