BIZNES

Birža täzelikleri: az kükürtli ýangyç mazudyna uly isleg

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Şweýsariýanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen az kükürtli ýangyç mazudyny, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň degişli kärhanasynda öndürilen EKO-93 kysymly awtobenzini satyn aldylar.

Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 52 million 60 müň dollaryna deň boldy.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 53 million 790 müň manatdan gowrak bolan ýokary dykyzlykdaky polietileni hem-de el halylaryny satyn aldylar.

 

Şa aýaly Ýelizaweta tagtynyň mirasdüşerini yglan etdi

Related posts

Türkmenistan bilen Gazagystan söwda möçberini artdyrar

Azyk, senagat, derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleriň önümçiligi

«Malaý» gaz känindäki gaz gysyjy desgasy işe girizildi

Ata Watan Eserleri