JEMGYÝET

Awaza etrabyna täze häkim bellendi

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminalary laýyklyda, Annamämmedowi Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkimi we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny dolandyrmak baradaky baş müdirligiň başlygy wezipelerinden boşadyldy.

Şeýle hem milli Liderimiz Döwlet Rozymyradowiç Jumaýewi Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkimi we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny dolandyrmak baradaky baş müdirligiň başlygy wezipelerine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmak hakyndaky Permana gol çekdi.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary bilen, Hajygeldi Baýramdurdyýewiç Orjykow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Gurbanmyrat Arazgulyýewiç Nyýazow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenilip, ol Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň bildirişi

 

Related posts

Milli Liderimiz: «Brownstein» kompaniýasy TOPH taslamasynyň maslahatçysy bolup çykyş edýär

Türkiýe Bilim Geňeşligi resminamalarynda online nobat başlaýar

vepa

Türkmenistan bilen BMG hyzmatdaşlyk boýunça täze Çarçuwaly Maksatnama gol çekdi

Ata Watan Eserleri