JEMGYÝET

Bill Geýtsden waksina üçin 388 million dollar

“Microsoft” kompaniýasynyň esaslandyryjy Bill Geýts ABŞ-da hereket edýän “Novavax” biotehnologiýa kompaniýasyna koronawirus waksinasyny döretmek üçin 388 million dollar maliýe kömegini berýär. Kompaniýa bu maliýe kömegi bilen waksinalary adamlarda synag etmäge başlaýar.

Kompaniýanyň beren beýanatyna görä, maliýe kömegini almak bilen waksinanyň birinji tapgyryndaky işleri gurnap başlandyklaryny belledi. Bu tapgyrda waksinalary adamlarda synag etmek meýilleşdirilýär. “NVX-CoV2373” atly waksinany Awstraliýada 130 sagdyn adamda synag ediljekdigini mälim edildi. Synag üstünlikli bolan halatynda ikinji tapgyra geçiler.

Kompaniýa ikinji tapgyrda dünýäniň dürli ýurtlarynda dürli ýaşdaky adamlarda synag etmegi göz öňünde tutýar. Synagyň ilkinji tapgyrynyň netijelerini iýul aýynda almak meýilleşdirilýär.

Related posts

Türkmen halkynyň Milli Lideri Wladimir Putini saýlawlardaky ynamly ýeňşi bilen gutlady

Rahatlyk berýän miweler

Ata Watan Eserleri

Küşt boýunça Türkmenistanyň birinjiligi

vepa