JEMGYÝET

2023-nji ýylda Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygy 19,4 milliard dollara ýetiriler

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi geçirildi. Ýurdumyzyň halk hojalygynda 2022-nji ýylda gazanylan netijelere bagyşlanan mejlisiň barşynda birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2022 — 2028-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­syny» üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen 2023-nji ýylda ýurdumyzy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­synyň taslamasy işlenip düzüldi.

Bu maksatnama laýyklykda, 2023-nji ýylda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6.5 göterime ýetirmek, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalaryny doly güýjünde işledilmegini gazanmak, täze karhanalary gurmagyň hasabyna 3 müňe golaý täze iş orunlaryny döretmek, daşary söwda dolanyşygynyň möçberini 19.4 milliard amerikan dollaryna ýetirmek, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, jemi içerki önümiň düzüminde ýangyç-ernergetika toplumyny goşmazdan, hususy pudagyň paýyny 71,3 göterime ýetirmek ýaly işler göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Prezidenti mejlisde bu maksatnamany tassyklamak hakyndaky degişli resminama gol çekdi.

Related posts

Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň bijeleri çekildi

vepa

Türkmenistan-BAE: metanyň zyňyndylaryny azaltmak babatda hyzmatdaşlyk eder

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnama kabul edildi

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment