GENEL

Žurnalistleriň şaşka bäsleşigi çekeleşikli geçti

Şu gün Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan Sport» halkara Žurnalynyň, Aşgabat şäher sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen Küşt-şaşka mekdebiniň hem-de «Atavatan Türkmenistan» halkara Žurnalynyň sportuň köpçülikleýinligini artdyrmak maksady bilen Žurnalistleriň arasynda her ýyl geçirmegi meýilleşdirýän şaşka ýaryşynyň ilkinji bäsleşigi “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň hemaýatkärliginde gurnaldy. Bäsleşige köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýüzlerçe wekili bilen bir hatarda ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynyň Žurnalistika hünärinde bilim alýan talyp ýaşlaryň onlarçasy gatnaşdy. Diýseň çekeleşikli geçen bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň  we Atawatan Türkmenistan halkara Žurnalynyň hormat hatlary şeýle hem Makul Hyzmat terjime merkezi tarapyndan ýörite taýýarlananan gymmat bahaly sowgatlar sowgatlar gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşjaklaryň hemmesine höweslendiriji baýraklar berildi.

Ýene-de okaň

Türkmen öğrenciler Türkmenistan’ı Kaliforniya’da tanıttılar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan’da Türk mutfağı tanıtıldı

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan’da, Uluslararası Dünya Müziği Festivali düzenlendi

Türk Dünyası Macaristan’da buluştu

Türkiye’ye gaz takası: İran-Türkmenistan bağlarının güçlü sembolü