GENEL

Žurnalistler kiçi futbol boýunça duşuşyk geçirdi

Öň hem habar berşimize görä, 4-nji aprelden bäri Bütindünýä saglyk güni mynasybetli türkmen Žurnalistleriniň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar dowam edip dur. Mälim bolşy ýaly, bu bäsleşikleri “Makul hyzmat” terjıme merkeziniň hemaýatkärliginde “Atavatan Türkmenistan”, “Türkmenistan Sport” halkara Žurnallary we “Türkmen sporty” gazetiniň redaksiýasy bilelikde geçirýär. Bu gün hem Aşgabat şäheriniň “Bagtyýarlyk” sport toplumynda “Türkmenistan Sport” halkara Žurnalynyň we “Türkmen sporty” gazetiniň işgärleriniň arasynda kiçi futbol boýunça duşuşyk geçirildi. Duşuşyk çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Netijede, “Türkmen sporty” gazetiniň habarçylaryndan düzülen topar netijeli oýun görkezip, ýeňiş gazanmagy başardylar.  

Related posts

Afgan büyükelçisi resmen göreve başladı

Hazar Denizi-Karadeniz ulaşım ve transit koridoru kurulacak

vepa

Amerikada türkmen tagamlary

vepa