GENEL

Zara, Lazerew we Nýuşa– şu gün agşam Awazada

Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky suw çüwdürimleri toplumynda birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan gala-konsert geçiriler. Konsertde türkmenistanly sungat ussatlary bilen bir hatarda daşary ýurtly aýdymçylardyr käbir toparlar hem çykyş eder. Awazadaky konserte gatnaşjak daşary ýurtly aýdymçylaryň ählisi Hazarýaka döwletleriniň wekilleridir? Eýsem, biz bu gün agşam Awazada haýsy sungat ýyldyzlarynyň aýdymlaryny diňläp bileris?

Gala-konserte Russiýa Federasiýasyndan dört aýdymçynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Olar Paşaýewna Mgoýan (Zara), Sergeý Lazerew, Nýuşa Suroçkina we Olga Şultaýsdyr. Bu aýdymçylaryň käbiriniň Türkmenistanda ozal hem birnäçe ýola bolandygyny aýtmak isleýäris.

Şeýle hem Azerbaýjandan Raşad Ilýasow, Gazagystandan Adylhan Makin, Aýtegrim Altynbek, Eýrandan Majid Ahşabi, Hamed Mahzarnia ýaly sungat ussatlarynyň Awazada çykyş etmegine garaşylýar. Has takygy, bu sungat ussatlary Hazaryň türkmen kenaryna geldiler. Olar özleriniň sazandalar we tansçylar toparlary bilen häzir konserte taýýarlyk görýärler. Şeýle hem konsertde Astrahan döwlet aýdym we tans topary çykyş eder.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Eğitim Bakanı ile UNESCO Genel Direktörü Paris’te görüştü

Türkmenistan, “Green EXPO 2027 Yokohama” uluslararası fuarına katılmayı planlıyor.

Özbekistan-Türkmenistan: tarım işbirliği görüşüldü

Türkmenistan ile İran Dışişleri Bakanları telefonda görüştü

Aşkabat ile Taşkent arasındaki işbirliğini güçlendiriyor

Christopher Wizda:  Dilleri ve Kültürleri Birbirine Bağlamak: Makul Sözlük