GENEL

Ýurgen Klinsmann tälimçiligi taşlady

Dünýä belli germaniýaly futbolçy Ýurgen Klinsmann Germaniýanyň “Bundesliga” futbol çempionatynda “Gerta Berlin” toparynyň tälimçisi bolup durýardy. Ol bu wezipesinden meýletin çekiljekdigini mälim etdi. Klinsmann bu topara 10 hepde tälimçilik etdi. 76 gün işläp, ýolbaşçylyk edýän topary tarapyndan goldaw we birek-birege ynam ýokdygyny belläp geçýär.

Klinsmannyň ýolbaşçylygyndaky “Gerta” topary milli çempionatda 3 ýeňiş 4 oýun deňme-deň oýnap, 4 oýunda hem ýeňlişe sezewar boldy. “Gerta” topary Germaniýanyň milli çempionatynda 21 duşuşykda 23 bal toplap, 14-nji orunda barýar.

Dünýä Kubogyny gazanan Klinsmann, başlangyç işine, ýagny toparyň maslahatçysy wezipesine dolanýar.

Related posts

Türkmenistan’ın BM Daimi Temsilcisi Genel Kurul Başkanı ile görüştü

Türkmen sinemacıları Bişkek’teki film festivaline katılacak

Ata Watan Eserleri

Christopher Wizda:  Dilleri ve Kültürleri Birbirine Bağlamak: Makul Sözlük