GENEL

YouTubeniň ornuny tutup biler

Russiýanyň «Mail.ru Group» şereketi 2020-nji ýylda YouTubeniň ornuny tutup biljek wideopaýlaşyk ulgamyny işe girizmekçi. Bu barada şereketiň ýolbaşçysy Boris Dobrodoýew RBK agentligine habar berdi.

Dobrodoýew häzirlikçe täze ulgamyň adyny aýtmady, ýöne täze hyzmatyň iň döwrebap mümkinçiliklere eýe boljakdygyna welin ynandyrdy.

«Mail.ru» 2019-njy ýyly hem boş geçirmedi. Şereket tamamlanyp barýan ýylda «Puls» atly täzelikler hyzmatynyňň işini ýola goýdy. Hyzmatdan peýdalanyjylaryň sany gün geçdigiçe köpelýär.

Täze hyzmat kompaniýanyň öz usuly boýunça işlär. Şonuň oňa YouTube bilen bäsdeş bolup biler diýmek kyn. Her hyzmat ulgamynyň özüne mahsus aýratynlyklary bolar. Ýöne Dobrodoýew bu hyzmatyň Russiýada YouTubeniň ornuny tutup biljekdigini aýdýar.

«Mail.ru Group» häzir elektron poçtalardan başga-da, «Odnoklassniki», «Wkontakte», ICQ, «TamTam» messenjerlerini we «Ýula», «YouDrive». «Delivery Club» hyzmatlary bilen meşhurdyr.

Ýene-de okaň

Türkmen Halkının Milli Lideri António Guterres ile telefonda görüştü

Türkmen Halkının Milli Lideri: Türkmenistan BM’nin Güvenilir Ortağı ve Fikri Yoldaşı

Türkmenistan ve Hollanda, ikili işbirliğini güçlendiriyor

QazaqGaz ve ADNOC, Türkmenistan’daki ortak gaz arama projelerini görüştü

Galkınış binicilik grubu, Monako’daki sirk festivalinde sahne alacak

“Makul Habar” e-gazetenin örnek sayısı yayımlandı