Alymlar 22-nji dekabr gijesiniň ýylyň iň uzak dowam edýän gijesidigini mundan birnäçe asyr ozal kesgitlediler. Ýöne bu gijäniň anyk güni döwletleriň Ýer ýüzünde ýerleşiş ornuna görä üýtgäp bilýär. Ol käbir döwletde 21-nji dekabrdan 22-nji dekabra geçilýän gijä gabat gelse, käbir ýerde bir gije soň bolup geçýär.
Eýsem, bu tebigy ýagdaý nähili emele gelýär. Mälim bolşy ýaly, Ýer öz okunyň daşyndan aýlanmak bilen bir hatarda Günüň daşyndan hem aýlanýar. Bu bolsa ýylyň dowamynda Ýer bilen Günüň aralygynyň uzamagyna ýa ýakynlaşmagyna getirýär. Bu aralygyň uzamagy iň uzyn gündizleri, ortaça hala gelmegi gündizdir gijäniň deňleşmegini, has ýakynlaşmagy bolsa iň uzyn gijeleri emele getirýär. Mälim bolşy ýaly, iň uzyn gündizler hökmünde 21-nji ýa 22-nji iýun günleri hasaba alynýar. Gije-gündiziň ýazky deňleşmesi 20-nji marta (ýa 21-nji marta), güýzki deňleşmesi bolsa 22-nji sentýabra (ýa 23-nji sentýabra), iň uzyn gije bolsa, takmynan, 22-nji dekabra gabat gelýär. Diýmek, şu günler biziň uzyn gijeleri başdan geçirýäris.
Howa maglumaty boýunça dünýäde giňden salgylanylýan iň meşhur çeşmeleriň biri bolan www.accuweather.com saýtynyň maglumatlaryna görä, ýurdumyzda iň gysga gündizi şu gün – 21-nji dekabrda başdan geçirýäris. Şu gün gündiz Günüň dogmagyndan ýaşmagyna çenli aralyk 9 sagat 25 minut çemesi dowam eder. Ýöne saýtyň maglumatlaryna görä, iň uzak gije ertir, ýagny 22-nji dekabrdan 23-nji dekabra geçilýän gije bolar. Ertir agşam sagat 17:20 çemesinden ertir irden, takmynan, 8:21-e çenli dowam etjek garaňkylygyň dowamlylygy 15 sagat 1 minuda çenli ýeter. Bu günki gijäniň dowamlylygy bolsa 14 sagat 47 minut çemesi bolar. Elbetde, bu maglumatlar takmyny maglumatlardyr. Çünki ýagtylygyň we garaňkylygyň howanyň ýagdaýyna, asmanyň açyk ýa-da bulutly halyna hem bagly bolýandygyny ýatdan çykarmaly däl. Ýagyş-ýagmyra baý, köplenç, gögüň ýüzüni bulut örtýän häzirki günlerde gündizleriň we gijeleriň dowamlylygyny anyk saýgarmakda kynçylyklar hem döreýär. Her niçik hem bolsa, häzirki gijeleriň ýylyň iň uzak gijeleridigini adaty ýagdaýda hem saýgarmak kyn däl.
Aýbölek ABDYÝEWA,
«Atawatan Türkmenistan» halkara
Žurnalynyň habarçysy.