GENEL

Ýylyň öýi Ýaponiýada

«Ar House 2019» sergisinde dünýäniň iň gowy öýi bilen tanyşdyryldy. Ol Ýaponiýanyň Kurasiki şäherinde ýerleşýär diýip, dünýä metbugaty habar berýär.

Aslynda, bu öý ― köne bina. Gurluşyk kompaniýalarynyň biri tarapyndan onuň durky täzelenipdir. Binagärler ony döwrebap hala getirmek bilen bir hatarda taryhy durkuny hem saklap galypdyrlar.

Öýüň durkuny täzelemek işlerine dünýä belli binagärler: ýaponiýaly Takesi Haýýasu, norwegiýaly Mante Kula, britaniýaly Stiwen Teýlor we beýlekiler gatnaşdylar.

Ýylyň iň gowy öýi boýunça geçirilen gözden geçirilişe 200-den gowrak öý dalaşgär görkezildi.

Related posts

Türkmenistan’da Türkmentel-2018 Fuarı kapılarını açtı

vepa

Alman Şirketle Yem Üretimi

vepa

Rusya’dan Orta Asya’ya 3,6 milyarlık yatırım