GENEL

XVI halkara Žautykow olimpiadasyndan medally dolandylar

Şu ýylyň ýanwar aýynyň 8 – 14-i aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde geçirilen matematika, fizika we informatika dersleri boýunça XVI halkara Žautykow olimpiadasyna  ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryndan saýlanan üç topar – jemi 17 okuwçy gatnaşyp, olardan üçüsi bürünç medalyň eýesi bolmagy başardylar.

Bu topara, Aýratyn zehinli çagalaryň mekdep internadynyň matematika mugallymy Arslan Hojaýew bilen Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiniň fizika mugallymy Yhlas Apbasow ýolbaşçylyk etdiler.

 Žautykow halkara olimpiadasyna dünýäniň ýigrimiden gowrak döwletinden 84 topar gatnaşyp, 600-e golaý okuwçy bäsleşdiler we olardan matematika dersi boýunça Aýratyn zehinli çagalaryň mekdep internadynyň 10-njy synp okuwçylary Muhammetmyrat Goçmyradow, Kerim Çerkezow we Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň 40-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Söhbet Maksadow bürünç medallara mynasyp boldular.

Related posts

Türkmenistan ile İrlanda işbirliğini güçlendirecek

Halk Maslahatı Seçimleri 2018’de yapılacak

vepa

Türkmenistanyň DIM-de Yapon wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

vepa