DÜNYA

Uzynlygy 32 santimetr, agramy 8 kilogram

Ananasyň miwesini halamaýan az-az bolsa gerek. Ol tropiki miweleriň iň datlylarynyň biri. Ananas, köplenç, Afrikada ýa-da şoňa meňzeş subtropiki ýerlerde ýetişýär.

Dünýäde iň uly ananasa bolsa Awstraliýada gabat gelindi. Ýurduň Bokuelli welaýatynda ýaşaýan 60 ýaşly Kristin Makalum tarapyndan ösdürilip ýetişdirilen ananasyň miwesiniň uzynlygy 32 santimetre, agyrlygy bolsa 8,28 kilograma ýetýär.

«Bu heniz çenli gabat gelnen iň agyr ananasdyr» diýip, Bütindünýä rekordlar akademiýasynyň beýanatynda aýdylýar.

Ananasy iki ýarym ýylda ösdürip ýetişdiren daýhan onuň ideginde suwdan başga närseden peýdalanmady. Mundan ozalky iň agyr ananas rekordy Täze Gwineýanyň Nýu-Ýork welaýatynda ýaşaýan E.Kamukyň ýetişdiren ananasyna degişlidi. Ol agramy 8,06 kilogramlyk miwe almagy başarypdy.

Related posts

Aksakallar Konseyi Başkanı Binali Yıldırım, Türkmenistan’ı ziyaret ediyor

Kazakistan’dan tek vize rejimi önerisi

vepa

Türkmenistan tütünsüz bir ülkeye dönüşecek

Ata Watan Eserleri