GENEL

Üstünlige ýetmegiň ýollary

        “Men stansiýamyň gurluşygyny tizräk bitirmegim zerur. Bu adamzat durmuşynyň bir asyrlyk öňe ädim ätmegi üçin hyzmat eder” (Nikola Tesla)

Ýokary okuw jaýynda okaýan bir talyp sapagyň tamamlanmagyna 20 minut çemesi wagt galanda gijä galyp gelýär. Mugallymdan rugsat sorap sapaga girip oturýar we mugallymyň talyplara beren ýumşuny göçürip alýar, sapaga gijä galyp gelenligi üçin mugallym oňa goşmaça öý işini tabşyrýar. Derrewem jaň bolýar, ol talyp öýüne barýar we mugallymyň jerime hökmünde beren ýumşuny çözmäge başlaýar. Ol mesele şeýle bir kyn welin, talyp ony özüniň aýybyny ýapmak maksady bilen mugallymdan utanjyna gije ýatman kynlyk bilen çözýär we ertesi mugallymyna eltip berýär.

Birnäçe günden soňra, mugallym ony ýanyna çagyryp gutlaýar we şeýle diýýär: “Berekella, sen ýer ýüzünde alymlaryň hem çözüp bilmedik üç meselesiniň iň kynyny çözmegiň hötdesinden gelipsiň! Sen muny nädip başardyň !?”

Talyp geň galyjylyk bilen: “Mugallym, men ol ýumşy siz öý işi berensiňiz öýdüp, şeýle-de öz aýybymy ýapmak üçin elimden geldiginden işlemäge çalyşdym. Eger men geçen sapak gijä galman, bu meseläniň dogrudanam alymlaryň hem çözüp bilmedik üç meselesiniň iň kynydygy barada eşiden bolsadym, ony çözmäge synanyşmazdymam” diýýär… Talyp gör, nähili zehinli eken. Ýöne onuň zehini tötänden açylýar. Eger şeýle sebäp bolmadyk bolsa kim bilýär?! Ol özüniň şeýle ukybynyň bardygyndan habarsyz eken. Eger-de biz özümize çynlakaý üns bersek, biz başarmaýan zatlarymyzy belki-de başararys! Durmuşda anyk maksat bilen ýaşaýan ynsan üstünlik gazanýar.

Meýlis ÖDÄÝEW, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndaky 4-nji orta mekdebiniň mugallymy

Ýene-de okaň

Aşkabat’ta, Hint sinemasının unutulmaz müzikleri seslendirilecek

Türkmenistan’da, 2025’in simgesini taşıyan yeni tekstil koleksiyonu piyasaya sürüldü

Türkmen Hava Yolları, Moskova – Bangkok seferleri için alternatif uçuşlar düzenliyor

Türkmenistan’da 2025 yılının ilk çocuğu doğdu

Ünlü şarkıcı Gülşen Türkmenistan’da sahne aldı

Türkmenistan Havayolları Moskova seferlerini geçici olarak durdurdu

Ata Watan Eserleri