GENEL

Ussat sazandanyň şowhunly konserti

Ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän “Watan” kinokonsert zalynda Täze ýyl mynasybetli Türkmenistanyň at gazanan artisti Gasan Mamedowyň aýdym-sazly çykyşy boldy.

Tomaşaçylaryň uly gyzyklanma bildiren bu konsertinde Türkmenistanyň at gazanan artisti Berdimyrat Berdiýew hem öz çykyşlary bilen sahnany bezedi. Konsertiň dowamynda Gasan Mamedow öz ajaýyp sazlary bilen tomaşaçylaryň göwnüni galkyndyrdy. Ol diňe saz bilen çäklenmän, eýsem, şirin owazly aýdymlary hem ýerine ýetirdi.

Konsertiň dowamynda Berdimyrat Berdiýew ýakyn dosty Gasan Mamedow bilen geçiren ýyllary, sungat älemindäki üstünlikleri we geçen ýollary şeýle hem, gezen ýerleri baradaky täsirli gürrüňleri hem tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi.

Konsertiň soňunda bolsa, Gasan Mamedow türkmen halkyny ýetip gelýän Täze ýyl baýramy bilen gutlady.

Ýene-de okaň

ABD Özel Temsilcisi, Türkmenistan Dışişleri Bakanı ile görüştü

FAO Genel Direktörü Türkmenistan’da üst düzey görüşmelerde bulundu

“Orta Asya – Rusya” formatında üst düzey istişareler gerçekleştirildi

Aşkabat’ta Dünya Türk Dili Ailesi Günü kutlandı

ABD Özel Temsilcisi Sergio Gor’un Türkmenistan ziyareti

Türkmenistan’ın SPECA ülkeleriyle ticaret hacmi 2025 yılında 2,2 milyar doları aştı