GENEL

Türk­me­nis­ta­nyň Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­ginden halkara bäsleşik

Türk­me­nis­ta­nyň Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi Aş­ga­ba­dyň pan­bar­hat fab­ri­gi­niň çä­gin­de hi­mi­ki sü­ýü­miň önüm­çi­li­gi­ni ýo­la goý­mak üçin HAL­KA­RA BÄS­LE­ŞIK yglan etdi. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde degişli bildiriş çap edildi.

Bäsleşige gatnaşmak üçin, bellenen tertipde tilsimat enjamlaryny getirip gurnamakda tejribesi bolan ýerli we daşary ýurt kompaniýalary çagyrylýar.

Höwes bildirip gatnaşmak isleýänlere teklip edilýär:

— bäsleşige gatnaşmak üçin gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny we rekwizitlerini görkezmek bilen, ýazmaça talapnama berilmeli;

— bäsleşigiň düzgünleri bilen tanyşmaly;

— tehniki tabşyrygy almaly;

— getiriljek enjamlaryň hili we gelip çykyşy barada degişli resminamalary goşmak bilen, täjirçilik teklibini düzüp tabşyrmaly;

— bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny almak üçin ABŞ-nyň 345 (üç ýüz kyrk bäş) dollaryny, şol sanda 15 göterim GBüS tölemeli.

Bäsleşik tekliplerine hasaplaşyk hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň serediler.

Bäsleşik teklipleri 2021-nji ýylyň 15-nji martyna çenli kabul edilýär.

Bäsleşik tekliplerini aşakda görkezilen salga ibermeli: Aşgabat şäheriniň Garaşsyzlyk şaýolunyň 96-njy jaýy.

Ha­bar­laş­mak üçin te­le­fon bel­gi­le­ri: 40-71-57, 40-71-77.

 

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

Ýene-de okaň

ABD, Türkmen doğal gazının ihracatının çeşitlendirilmesini destekliyor

Türkmenistan ile ABD Dışişleri Bakanı Vaşington’da görüştü

Türkmenistan Dışişleri Bakanı ABD Dışişleri Bakan Yardımcısı ile görüştü

Türkmenistan ile Çin Dışişleri Bakanı New York’ta görüştü

ABD Müsteşarı Sarah Rogers Türkmenistan’ı ziyaret edecek

Türkmenistan Dışişleri Bakanı, BM Genel Sekreteri ile görüştü