GENEL

Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň dabaralanmagy

2019-njy ýylyň 7-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň Guramaçylyk mejlisiniň işiniň barşynda Türkmenistan onuň üç sany möhüm edarasyna: 2020-2022-nji ýyllar üçin Bütindünýä Azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji Geňeşine, 2020-2024-nji ýyllar üçin Ilat we ösüş Komissiýasyna we 2020-2023-nji ýyllar üçin Neşe serişdeleri boýunça Komissiýasyna saýlandy.

Türkmenistanyň bu edaralaryň düzümine saýlanmagy biziň ýurdumyzyň dünýädäki abraýynyň barha artýandygynyň, häzirki zaman global ösüşiň derwaýys meseleleriniň çözgüdinde onuň ýokary ähmiýetiniň ykrar edilýändiginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasy boldy.

Türkmenistanyň halkara işiniň möhüm ugry milli, sebit we dünýä derejelerinde azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegi we iýmitiň gowulandyrylmagy bolup durýandyr. Şunuň bilen baglylykda biziň ýurdumyz BMG-niň howandarlygy astynda ýokary derejeli Azyk forumynyň geçirilmegi başlangyjy bilen çykyş etdi. Bu başlangyjyň düýp mazmuny şeýle Forumyň global azyk ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyna möhüm itergi bermeginden, bu ugurda BMG derejesinde geljekki takyk hereketleriň işlenilip düzülmegine ýardam etmeginden ybaratdyr.  

Türkmenistanyň ilat meseleleriniň çözgüdine goşýan goşandy hakynda gürrüň edilende, biziň ýurdumyzda reproduktiw saglyk ulgamyndaky birnäçe möhüm maksatnamalary, demografiýa syýasatynyň geçirilmegi, eneligiň we çagalygyň goralmagy üçin ähmiýetli oňyn şertleriň döredilmegine gönükdirilen milli hem-de sebitleýin derejelerindäki taslamalary bellemek zerurdyr.

Türkmenistan neşe serişdelerine garşy barlyşyksyz göreşi dowam etdirer. Biziň ýurdumyz tarapyndan neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna garşy göreşmeklige gönükdirilen amaly hereketler alnyp barylýar we şunuň bilen baglylykda degişli milli maksatnamalar üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Türkmenistanyň Neşe serişdeleri boýunça Komissiýasyna agzalygy bu global wehime garşy netijeli göreşmekde hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini döredýändir.

Türkmenistanyň BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň üç sany möhüm düzümine saýlanmagy häzirki zaman dünýäniň derwaýys meseleleriniň çözgüdinde biziň ýurdumyz tarapyndan saýlanylyp alnan giň halkara hyzmatdaşlyk ugrunyň dogrulygynyň we esaslandyrylandygynyň, biziň syýasatymyzyň howpsuzlyk, öňe gidiş we durnukly ösüş maksatlaryna laýyklygynyň mizemez subutnamasy bolup durýandyr.

Ýene-de okaň

FIFA, Türkmenistan’da futbolun geliştirilmesine yönelik girişimleri destekliyor

Rogun HES: Dünyanın En Yüksek Barajından Daha Etkili Ne Olabilir?

Türkmenistan ile Romanya eğitim işbirliğini güçlendirecek

Türkmenistan ile Malezya enerji sektörü dışında işbirliğini güçlendirmeyi hedefliyor

Türkmenistan ile Malezya tarım alanında işbirliği fırsatlarını araştırıyor

2024 yılında Türkmenistan-Rusya ilişkileri