GENEL

Türkmenistanyň Daşary işler minsitrligi ýalanlaýar

2018-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Russiýanyň “Nowosti” habarlar agentligi, Gyrgyz Respublikasynyň Tokmok şäherinde bolup geçen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) gatnaşýan döwletleriň serhet goşunlarynyň serkerdebaşylarynyň Geňeşiniň 80-nji mejlisiniň jemlerine salgylanmak bilen, hamana, türkmen-owgan serhetinde ýagdaýyň ýitileşenligi barada ýalan habary ýaýratdy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Daşary işler minsitrligi bu habaryň hakykata laýyk gelmeýänligini we ony Türkmenistan babatynda dostlukly bolmadyk ädim hökmünde garaýanlygyny resmi taýdan aýan edýär.

Related posts

Özbekistan Cumhurbaşkanı Türkmenistan’a geldi

Türkmenistan’ın koronavirüs ile mücadelesi

Töleg (POS) terminallaryny goýdurmak

vepa