GENEL

Türkmenistanda smart telewizorlaryň önümçiligine girişiler

Türkmenistanda ykdysadyýeti sanlaşdyrmak hem-de elektron senagatyny ösdürmek babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Şonuň netijesinde, ýurdumyzda dürli elektron enjamlaryň önümçiligi ýola goýulýar. Häzirki wagtda smart telewizorlaryň önümçiligini ýola goýmak meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berildi.

Habar berlişi ýaly, Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň “Türkmensenagat” agentligi bilen “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti bilelikde ekranynyň ölçegleri 32 dýum, 42 dýum we 55 dýum bolan smart telewizorlaryň önümçiligini ýola goýmak babatda degişli işleri alyp barýar.

Täzeçil esasdaky telewizorlar IP-týunerleri bilen üpjün ediler. Bu enjamlar Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Ýaş alymlar merkeziniň hünärmenleri tarapyndan işlenip düzüldi.

Smart telewizorlaryny ýokary hilli öndürmek maksady bilen, “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleriniň daşary ýurtlarda okadylandygy mälim edildi.

Türkmenistanda elektron senagatynyň ösdürilmegi daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçiligi döretmek babatdaky maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine itergi berer.

Ýene-de okaň

Minsk ile Aşkabat: kültürel bağların arttırılması ve uçak seferlerinin başlatılmasına yoğunlaşacak

2026 Çalışma Planları: Türkmenistan 2026 yılındaki ilk Bakanlar Kurulu Toplantısı

Al-Nassr ve Arkadag futbol kulüpleri tarihi maça çıkıyor

Türkmenistan, BM Kuruluşlarının ülkedeki varlığının genişletilmesini destekliyor

Türkmenistan ile Belarus tarım işbirliğini güçlendirecek

Trump, Türkmenistan Cumhurbaşkanı’nı tebrik etti