GENEL

Türkmenistanda 10 million agaç nahallary oturdylar

Häzirki wagtda dünýäniň ähli ýerine howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ugrunda uly işler alnyp barylýar. Bu ugurda köpçülikleýin bag ekmek işine uly üns berilýär. Şeýle işler Türkmenistanda hem giň gerimde alnyp barylýar.

Her ýyl Türkmenistanda ählihalk bag ekmek çäreleri geçirilip, şonuň çäklerinde köp sanly agaç nahallary oturdylar. 2020-nji ýylda hem öňki ýyllara garanyňda, has köp möçberde dürli agaç nahallarynyň ekilmegi göz öňünde tutuldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň 31-nji ýanwarda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gol çeken Kararyna laýyklykda ýurdumyzda 10 million düýp agaç nahaly ekiler.

Şeýlelikde, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý we Bäherden etraplarynyň aralygynda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 5 million düýp nahaly hem-de welaýatlarda 5 million düýp nahalyň ekilmegi meýilleşdirildi.

Köpçülikleýin bag ekmek çäräsini guraýjy hökmünde Türkmenistanyň bilen Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bolup çykyş edýär. Ministrlik welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerini ýeterlik mukdarda üzüm we 3 ýyllyk bag nahallary bilen üpjün etmek, şeýle hem şolaryň ekilişine we ideg edilişine gözegçilik etmek işini alyp barar.

Ýurdumyzda yzygiderli geçirilen agaç ekmek çäreleriniň netijesinde, adam eli bilen emeli tokaýlar döredildi.

Ýene-de okaň

Azerbaycan ile Türkmenistan iş birliğinin geliştirilmesini görüştü

Azerbaycan tarafından Türkmenistan’a petrol tankeri hediye edildi

Ata Watan Eserleri

Bakü’de Türkmenistan Cumhurbaşkanı için resmi karşılama töreni düzenlendi

Türkmenistan Cumhurbaşkanı’nın Azerbaycan ziyareti başladı

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Cumhurbaşkanı Azerbaycan’a devlet ziyaretini gerçekleştirecek

PETRONAS yeni anlaşmalarla Türkmenistan’daki 30. yılını kutluyor