GENEL

Toý harçlygyny çagalara bagyşlady

7-nji iýunda Stambul şäherinde Angliýanyň “Arsenalynyň” we Germaniýanyň futbol ýygyndysynyň dünýä belli ýyldyzy Mesut Özil Omina Gülşen bilen nika toýuny tutdy. Toýa Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogan hem gatnaşdy.

Futbolçynyň gelinligi model bolup, ol hem Şwesiýanyň, hem-de Türkiýäniň raýatydyr.

Mesut Özil we onuň gellinligi ýakynda müňlerçe maşgalalaryň güzeranynyň gowulanmagy üçin goýan haýyr-sahawat serişdeleri bilen dünýä metbugatynyň diline dolupdylar. Hatda bu jübütler toý sowgatlaryny hem alman, olar üçin sarp ediljek serişdäni çagalar gazanalaryna bagyşladylar. Diňe bu-da ýetmedi, olar toýunyň myhmanlaryndan hem öz göreldelerine eýermegi haýyş etdiler.

“Janköýerlerim menden dostlarymdan we ýakynlarymdan nähili toý sowgadyna garaşýandygymy soraýarlar. Men ― professional futbolçy, kem zadym ýok. Şonuň üçin çagalara ediljek sowgady öz sowgadym hasaplaýaryn. Biz Omina bilen müňlerçe çaganyň operasiýasy üçin harajatlary öz boýnumyza aldyk. Doslarymdan hem bu işe goşant goşmagyny isleýärin” diýip, futbolçy metbugata beren interwýusynda aýtdy.

Ýeri gelende aýtsak, Mesut Özil 2014-nji ýyldaky dünýä çempionlygyndan düşen 240 müň funt sterling möçberindäki girdejini hem brazliýaly 23 çaganyň operasiýasyna bagyşlapdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan ile İran Dışişleri Bakanı telefonda görüştü

Türkmenistan Büyükelçisi, TOBB Başkanı ile bir araya geldi

Türkmenistan heyeti Bakü’de düzenlenecek 13. Dünya Şehirler Forumu’na katılacak

Türkmenistan, Ahalteke Atlarını Taşkent’teki Dünya Şampiyonası’nda tanıtacak

Türkmen Atları Windsor Kraliyet At Oyunları’na katılacak

Türkmen halkının Milli Lideri “Rusya – İslam Dünyası: KazanForum” forumuna katılacak