GENEL

«Tesla» «Maxweli» satyn aldy

Elektrik bilen işleýän ulag önümçiliginde meşhurlyk gazanan «Tesla» kompaniýasy (ABŞ) energiýa çeşmelerini ýygnamakda tejribe toplan «Maxwel» bilen birleşdi. Has takygy, «Tesla» bu kompaniýany 218 million dollara satyn aldy. Indi «Teslanyň» öndürýän elektrikli ulaglarynda «Maxweliň» zarýad çeşmeleri işlär.

«Teslanyň» ýolbaşçysy Elon Maskyň pikirine görä, kompaniýanyň elektrikli ulaglarynda «Maxweliň» zarýad çeşmeleriniň ulanylmagy ozalky bateraýalardan has ygtybarly bolar. Ikinji bir tarapdan bolsa, bu awtoulagyň zarýad dowamlylygyny artdyrar. Häzir bu zarýad çeşmelerini «Teslanyň» ulaglarynda ýerleşdirmek boýunça ylmy işler alnyp barylýar. Oňa Stanford uniwersitetiniň alymlary hem gatnaşýarlar. Bu birleşik kompaniýanyň ulaglarynyň baha babatda hem has elýeterli bolmagyny üpjün eder.

Related posts

Danimarka ve İngiltere’den Türkmenistan’a ödül

vepa

Türkmen Sporculardan 44 madalya birden : Uluslararası Yarış İkincisi

vepa

DSÖ, Türkmenistan’ın koronavirüse karşı önlemlerini değerlendirdi