GENEL

Telekeçilere Germaniýada tejribe mümkinçiligi

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Ykdysadyýet we energetika Federal ministrligi bilen bilelikde ýurdumyzyň dolandyryş işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmak boýunça okuw çäreleriniň 2019-njy ýyldaky tapgyryna gatnaşjak döwlete degişli bolmadyk taraplaryň  arasyndan Germaniýada geçiriljek 4 hepdelik tejribe okuwlaryna dalaşgär seçip almak boýunça SÖHBETDEŞLIK yglan edýär

 Söhbetdeşligiň geçirilýän wagty 2019-njy ýylyň 9 – 11-nji  aprel aralygy. Okuwa diňleýjiler söhbetdeşlik esasynda kabul edilýär.

 Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge  gönükdirilen meýilnamalary taýýarlan dalaşgärlere Germaniýanyň dürli kärhanalarynda tejribe  geçmek mümkinçiligi döredilýär. Dalaşgärler nemes, iňlis ýa-da rus dilleriniň haýsy hem bolsa birini ýeterlik derejede bilmelidir.

Söhbetdeşlige gatnaşmaga isleg bildirýänler 2019-njy ýylyň 31-nji martyna çenli zerur resminamalary kabul ediş toparyna tabşyrmaly.

Dalaşgärlere bildirilýän esasy talaplar:

  1. Ýokary bilimli bolmaly.
  2. Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän edara görnüşindäki telekeçilik guramasynyň ýolbaşçysy, düzüm birliginiň ýolbaşçysy ýa-da hususy telekeçi bolmaly.
  3. Dalaşgärleriň azyndan 2 (iki) ýyl iş tejribesi bolmaly.

 

Ähli soraglar boýunça  kabul ediş toparynyň kätiplerine aşakdaky telefon belgileri boýunça ýüz tutup bilersiňiz:

(99312) 39 45 72, (99312) 39 43 55

Related posts

Türkmen Lider, Türk Konseyi video konferansla zirvesine katıldı

Dr.Döwran Orazgylyjov

Suudi Arabistan ile “TAPI” konusu

vepa

Amerikan şirketi, Türkmenistan’da güneş enerjisi santralini inşa etmek istiyor