GENEL

Üstünlik : “Ata Watan Eserleri” bäsleşiginiň esasy üstünligi

Bilşiňiz ýaly, golaýda “Atavatan Türkmenistan” halkara Žurnalynyň “www.atavatan-turkmenistan.com” saýty Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli “Ata Watan Eserleri” ady bilen täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi. Bäsleşik barada giňişleýin maglumaty siz şu setirleriň ýerleşýän linkiniň üsti bilen okap bilersiňiz!

“Üstünlik gazanmagyň ýollary” mowzugy bilen baglanyşykly makalalar toplumy emin agzalarynyň seljermesinden soňra internet sahypasynda neşir edilýär. Munuň üçin  makalalary we oýlanmalary (poeziýalary, prozalary) hödürlemek mümkinçiligi bar.

Bu döredijilik bäsleşiginiň esasy maksady – döredijilige ukyby bolan ýaşlary höweslendirmek, olary zehinlerini hem-de başarnyklary açyp görkezmeden ybaratdyr. Başgaça aýdylanda, bu döredijilik bäsleşigi ýaşlaryň oýlanmak, pikirlenmek hem-de teswirlemek ýaly ukyplaryny ýüze çykarmaga ýardam eder diýip umyt edýäris.

Bäsleşigiň maksadyndan hem görnüşi ýaly, ýaş zehinleri ýüze çykarmak diýmegiň özi hem üstünlik bilen baglanyşyklymyka diýip pikirlenmän geçmek bolmaz.

“Üstünlik” sözüniň sözlükdäki kesgitlemesine hem seredinimizde, ol hem “Işde, zähmetde we ş. m. gazanylan ýeňiş, şowlulyk” diýen manylary berýär.

 Şonuň üçin “Üstünlik  gazanmagyň ýollary” mowzugy esasynda makalalar toplumyny taýýarlanyňyzda, käbir aýratynlyklara üns bermek has ähmiýetli bolmagy mümkin. Mysal üçin, “Adamlary üstünlige alyp barýan zat nämäkä?” diýip pikirlenmän geçmek bolmaýar.  Ol wagtyňy tygşytly ulanmak, köp işlemek ýa-da köp okamak ýaly aýratynlyklar bolup biler.

Siziň adamlary üstünlik gazanmaga höweslendirýän ugurlary öz içine alýan makalalary ýazmaga synanyşmagyňyz  özi hem üstünlik ulgamynda ädilen esasy ädim bolmak bilen bir hatarda okyjylar köpçüligi üçin hem gymmatly bolup biler.

Şeýle hem dünýä belli şahsyýetleriň, kompaniýalaryň ýolbaşçylarynyň, işewürleriň durmuş ýoly we iri kompaniýalaryň döreýiş taryhyny okap, şolardaky üstünlik ýollaryny teswirläp, makalalar ýazyp boljakdygyny ýatladýarys.

Biz “ýazmak üçin okamak gerek, okamak üçin hem “Ata Watan Eserleri” bäsleşigine gatnaşmak gerek” diýýäris.  Sebäbi biziň öz terjibämizden mälim bolşuna görä, “okar” ýa-da “peýdaly bolar” ýaly 1 sahypa ýazmak üçin azyndan şol ugurdan ýazylan 100 sahypalyk eser okamak gerek. Şol sebäpli bu bäsleşige gatnaşmak üçin ilkinji nobatda üstünlik gazanmak barada azyndan 2-3 kitap okamagy maslahat berýäris. Bu bolsa bäsleşigiň bir maksadynyň, ýagny, ýaşlarda okamak barada höwesi artdyrmak maksadynyň durmuşa geçip başlandygynyň subuty bolsa gerek. Bu ulgamda kitaplar üçin “Makul hyzmat”terjime merkeziniň kitap tekjelerinde ornuny tapan 500-ä golaý kitapdan mugt peýdalanyp bilersiňiz! Şol kitaplaryň 130-dan gowragy dünýä belli kompaniýalaryň we işewürleriň durmuş tejribesi barada maglumatlary özünde jemleýär.  Öz ulgamynda üstünlik gazanan işewürler, sungat işgärleri we alymlar bilen söhbetdeş bolmak hem üstünlik gazanmak ulgamynda pikiriňizi jemlemägiňize ýardam edip bilerdi!

Dünýäniň hemme ýerinde hem üstünlik  gazanmak üçin maşgala mümkinçilikleri we networkyň täsiri kabul edilýän ýagdaý. Sebäbi,  ene-atanyň ýa-da networkyň mümkinçilikleri bize bir ädim öňde başlamaga mümkinçilik berýär, emma, diňe şol mümkinçilikleri netijeli ullanylan halatynda gowy netijeler gazanyp bolar. Şu bir hakykat, dünýä belli kompaniýalary esaslandyranlaryň aglabasy doglanda “gyzyl diş” bilen dogulmadyk. Diýmek üstünlik gazanmak belli bir derejede öz elimizde. Biz eger-de “men muny başarmaýan” diýsek, onda, başarmajagymyz hakykat, emma, “men muny başararyn” diýsek, onda, netijede başarmasak hem şol ulgamda uly tejribe edineris. Bu bolsa, biziň indiki synanyşygymyzda başarmak üçin uly kömekçi bolar… Biz geçen ýylyň ahyrynda “Ata Watan Eserleri” bäsleşigini yglan edipdik. Şol bäsleşige 100 eseriň gatnaşmagy-bu “Ata Watan Eserleri” bäsleşiginiň üstünlige tarap ynamly barýandygynyň subutnamasy bolup çykyş edipdi.

Döredijilik bäsleşigi “Aý Sözen Management Consulting” we “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň hemaýat bermeginde geçirilýär. “Peýdaly bolýan wagtyň gazanmak” şygaryna gulluk edýän, intellektual telekeçileriň hemaýatkärliginde geçirilýän bäsleşigiň esasan hem ýaşlarymyza azajyk hem bolsa peýda berse, ine, biziň kiçijik zähmetimiziň ýerine düşdügi bolar!

Ýurdumyzyň gelejegi ýaşlar bolup durýar. Ýaşlarymyzyň özlerini ösdürmekleri we başarmaklary üçin ýurdumyzda köp mümkinçilikler döredilipdir. Şol mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak bolsa ýaşlaryň öz ellerinde.

Bäsleşigimiz 2020-nji ýylyň 10-njy martyna çenli dowam edýär. Makalalaryňyzy “atawataneserleri@gmail.com” salgysyna ugradyp bilersiňiz.

Şu sowgatlar Size garaşýar.

Baş baýrak –  “Notebook HP Probook 450 G6 Core i5”.

2-nji ýer üçin – “RedMi 7A” telefony

3-nji ýer üçin – mikrotolkunly peç.

Şeýle hem ilkinji 10-lyga giren eserlere höweslendiriji baýraklar garaşýar.

Ýene-de okaň

FIFA, Türkmenistan’da futbolun geliştirilmesine yönelik girişimleri destekliyor

Rogun HES: Dünyanın En Yüksek Barajından Daha Etkili Ne Olabilir?

Türkmenistan ile Romanya eğitim işbirliğini güçlendirecek

Türkmenistan ile Malezya enerji sektörü dışında işbirliğini güçlendirmeyi hedefliyor

Türkmenistan ile Malezya tarım alanında işbirliği fırsatlarını araştırıyor

2024 yılında Türkmenistan-Rusya ilişkileri